Aşgabat şäherindäki medisina hem-de kosmetiki pamyk önümlerini öndürýän fabrigi

Türkmenistanyň Çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goldawy we hemişelik üns merkezinde saklamagy netijesinde Beýik Galgynyşlar we Täze özgertmeler zamanasynda ýurdumyzyň Dokma Senagaty pudagy ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň çalt depgitler bilen ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi.
Aşgabat şäherinde Medisina hem-de kosmetiki pamyk önümlerini öndürýän fabriginiň işe girizilmegi bu aýdylanlary yene-de bir gezek tassyklaýar. Desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky “Aşgabat şäherinde medisina pamygy we kosmetiki pamyk serişdelerini öndürýän fabrigi gurmak hakynda” 9278 belgili kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Taslamany Türkmenistannyň Dokma Senagaty ministrligi “Kotam Enterpraýzis LTD” (Türkiýa) kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrdy.
Fabrigiň çig maly bolup, Dokma Senagaty pudagynyň kärhanalarynda emele gelýän arassalanan pagta egirme galdylary hyzmat edýär. Bu fabrikde her ýylda 4800 tonna arassalanan galyndylar gaýtadan işlener.
Işe girizilýän fabrigiň ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy 4200 tonna medisina pamygy we 12.4mln. sany kosmetiki pamyk önümlerine (gulak arasssalanýan taýajyklar, pamyk diskleri we makiýažy aýyrýan tamponlar we ş.m.) öndürmeklige niýetlenen.